Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Ebrahim Raisi bilen Siriýa meselesi boýunça pikir alyşdy.

1931452
Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kremlden berilen  beýannamada Putin bilen Raisiniň telefon söhbetdeşliginde özara hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, aktual meseleleriň seljerilendigi mälim edildi.

Esasanda energetika, ulaglar we logistika pudaklarynda ikitaraply bähbit getirýän taslamalaryň durnukly iş ýüzüne geçirilmeginiň isleýändigine üns çekilýäň beýannamada; “Halkara meseleler seljerilýärkä iki tarap hem Siriýa meselesiniň esasy tapgyryny emele getirýän Astana tapgyrynyň çäginde ýola goýulan ýakyn utgaşyklyga kanagatlanma bildirdi. Siriýadaky şertleri kadalaşdyrmak we territorial bitewiligi gaýtadan üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirme niýeti beýan edildi” diýilýär.



Degişli Habarlar