Peruda Hökümete Garşy Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 43 adama ýetdi.

1930316
Peruda Hökümete Garşy Geçirilýän Protest Ýörişlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Peruda hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde ýogalanlaryň sany 43 adama ýetdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýurduň günortasynda ýerleşýän Žulianda şäherinde hökümete garşy geçirlen ýörişde protestçylar howpsyzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.

Şäherdäki howa menziliniň golaýynda bolan çaknyşykda 14 adam ýogaldy.

Şeýlelikde 11-nji dekabrdan bäri geçirilýän ýörişlerde ýogalanlaryň sany 43 adama ýetdi.

Birnäçe şäherde köçä çykan müňlerçe adam Prezident Dina Boluarteniň wezipesinden çekilmegini, saklanan ýurduň ozalky prezidenti Pedro Kastilonyň boşadylmagyny, Kongresiň ýapylmagyny we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär.

Beýleki tarapdan Perunyň hökümeti ýurduň içerki işlerine goşulşandygy öňe sürülýän Boliwýanyň Prezidenti Ewo Morales bilen birlikde 8 adamyň ýurda girmeginiň gadagan edilendigini mälim etdi.

 

 

 



Degişli Habarlar