Stoltenberg Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý edýändigini belledi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Türkiye bilen baglaşan Üçtaraplaýyn memorandumyň düzgünlerini berjaý edýändigini habar berdi

1929825
Stoltenberg Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý edýändigini belledi

Şwesiýada geçirilen "Folk och Försvar" howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşyp, ol ýerde söz sözlän NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk ýüz tutmalarynyň üstünde durup geçdi. 

Ýens Stoltenberg Üçtaraplaýyn memorandumyň saýasynda NATO-nyň Şwesiýa we Finlýandiýa agza bolmaklary üçin karar kabul edendigini belläp: "Ylalaşygyň düzgünleriniň berjaý edilmeginden hoşaldyryn" diýip habar berdi. 

Ýens Stoltenberg NATO agza bolmaklary üçin tutan ýüz tutmalaryndan soň iki ýurda NATO-nyň käbir agza ýurtlarynyň howpsuzlyk kepilliklerini berendigini, NATO-nyň sebitde barlygyny artdyrandygyny, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň mundan beýläk NATO maslahatlaryna we integrasiýa harby hyzmatdaşlygyna goşuljakdygyny mälim etdi. 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg: "Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň howpsuzlyklaryna wehim abanan halatynda NATO-nyň işe girişmejekdigini pikir edip bolmaz" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar