Rus Hüjümde Bazar Ýeri Nyşana Alyndy
Raketa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.
1930019
Rus goşunynyň Harkowyň Kupýansk etabynyň Şençenkow etrapçasyna guran raketa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.
Ukriana tarapyndan berlen beýannamadai rus güýçleriniň Şençenkow etrapçasyna guran raketa hüjüminde bazaryň nyşana alynandygy nygtaldy.
Beýannamada hüjümde 60 ýaşyndaky zenanyň ýogalandygy, 7 adamyň ýaralanandygy, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi ýatladyldy.
Hüjümiň S-300 raketa ulgamy tarapyndan guralandygy bellenildi.
Hüjümde ýaralananlaryň arasynda 13 ýaşyndaky gyzjagazyň hem bardygy nygtaldy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.