Russiýa: "Od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam ederis" diýdi

Wagtlaýyn ylalaşyk 6-njy ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da güýje giripdi

1929484
Russiýa: "Od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam ederis" diýdi

Russiýa Ukrainanyň guraýan hüjümlerine garamazdan Russiýanyň goşunynyň Prawoslawlaryň Roždestwo baýramy mynasybetli yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden düýn berilen beýanatda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň dowam edýän hüjümlerine garamazdan Russiýanyň goşunynyň  Prawoslawlaryň Roždestwo baýramy mynasybetli yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünini berjaý etmäge dowam etjekdikleri mälim edildi.  

Beýanatda: "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Russiýanyň liniýalaryna we ýaşaýyş zolaklaryna garşy artilleriýa bilen guraýan hüjümlerine garamazdan, yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşyk şu gün sagat 24:00-a çenli Rus harby güýçleri tarapyndan dowam etdiriler" diýip habar berildi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Rus Prawoslaw buthanasynyň patriarhy Kirilliň çagyryşyna gulak asyp,  Prawoslawlaryň Roždestwo baýramynyň çägine 6-7-nji ýanwar aralygynda Ukrainada od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje giriziljekdigini beýan edipdi. 

Wagtlaýyn ylalaşyk 6-njy ýanwarda ýerli wagt bilen sagat 12:00-da güýje giripdi. 

Katolik we Protestant hristianlar Roždestwony 25-nji dekabrda belläp geçýän bolsalar, Prawoslaw hristianlar Roždestwony 7-nji ýanwarda belläp geçýärler. 



Degişli Habarlar