Polşa Ukrainadan baran ýaraly adamlary Ýewropa ýurtlaryna ugradar

Woýseh Andrusewiç mundan başgada Polşada bejergi alanlaryndan soň front liniýasyna ýaňadandan giden köp sanda ukrainaly esgeriň bardygyny aýan etdi

1925182
Polşa Ukrainadan baran ýaraly adamlary Ýewropa ýurtlaryna ugradar

Russiýa-Ukraina söweşiniň başlangyjyndan bäri Ukrainadan gelýän ýaraly we syrkaw adamlary kabul eden Polşa, mundan soň bejergi hyzmatlary boýunça Ýewropa ýurtlaryndan hem kömek aljakdyklaryny habar berdi. 

Polşanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Woýseh Andrusewiç, ýurdunyň resmi PAP habarlar agentligine beren beýanatynda, Ukrainadan geljek ýaraly esgerleriň we syrkaw raýatlaryň, mundan soň beýleki Ýewropa ýurtlaryna hem ugrukdyryljakdygyny belläp, 14 adamdan ybarat ilkinji toparyň Norwegiýa ugradyljakdygyny mälim etdi. 

Syrkaw adamlaryň käbirleriniň Polşanyň hassahanalaryna ýerleşdiriljekdigini aýdan Woýseh Andrusewiç: "Polşa Ukrainada artan harby hereketler we ol ýerdäki hassahanalardaky energiýa ýetmezçiligi sebäpli ukrainaly syrkawlary beýleki Ýewropa ýurtlaryna ugradylmaga taýarlyk görülýär" diýip habar berdi. 

Woýseh Andrusewiç mundan başgada Polşada bejergi alanlaryndan soň front liniýasyna ýaňadandan giden köp sanda ukrainaly esgeriň bardygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #bejergi , #hassahana , #Ukraina , #Polşa

Degişli Habarlar