Ýaponiýa Ýonaguni adasyna dolandyrylýan raketa ýerleşdirer
Ýaponiýanyň hökümeti Taýwana 110 km uzaklykdaky Ýonaguni adasyna gury ýerden howa dolandyrylýan raketa ýerleşdirer
Hytaýyň artan sebitleýin täsiri we Demirgazyk Koreýanyň agressiw raketa synaglary sebäpli Ýaponiýa milli goranyşyny güýçlendirmäge taýarlyk görýär.
Ýaponiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Aoki Takeşi, uzak aralykdaky adalaryň goralmagy üçin ýurdunyň harby göwrümini güýçlendirjekdigini habar berdi.
Aoki Takeşi Taýwana 110 km uzaklykdaky Ýonaguni adasyna gury ýerden howa dolandyrylýan raketanyň ýerleşdiriljekdigini mälim etdi.
Milli metbugatda Hytaýyň Taýwan aýlagynda artan täsiri sebäpli, Ýaponiýanyň adada raketa birikmeleriniň ýerleşdirmegi saýlandygyna ünsler çekilýär.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.