ABŞ-da sowuk howa tolkuny dowam edýär

ABŞ-da täsrini dowam etdirýän güýçli garly tupan sebäpli ýogalanlaryň sany 65 adama ýetdi

1924801
ABŞ-da sowuk howa tolkuny dowam edýär

ABŞ-nyň uly bölegine ýaramaz täsir ýetiren sowuk howa tolkuny gündelik durmuşy durmak nokadyna getirdi. 

ABŞ-nyň mediasynda berilen habarlara görä, sowuk howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sany 65 adama ýetdi, ýogalanlaryň 34-si Nýu-Ýork ştatynda hasaba alyndy. 

Soňky 40 ýylyň iň güýçli garly tupanyna garşy göreş alyp barýan ABŞ-da geçen hepdäniň ahyrynda ýurduň uly böleginde ýüz müňlerçe öý we iş ýeriniň eletrik toklary kesildi, müňlerçe uçar sapary goý bolsun edildi. 

ABŞ-nyň Milli okeaniýa we atmosfera edarasy, ady agzalan garly tupanyň we sowuk howanyň nesilde bir gezek gabat gelýändigini beýan edipdi. 

Ýurtda ýaramaz howa şertleri dowam edýärkä ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden maşgalasy bilen bilelikde 1 hepdeligine dynç alyşa çykdy. 

Jo Baýdeniň Karib adalaryna dynç almaga gitmegi esasan hem koserwatorlar tarapyndan örän tankyt edildi. 


Etiketkalar: #Jo Baýden , #tupan , #gar , #ABŞ

Degişli Habarlar