Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýewe garşy howa hüjümlerini dowam etdirýär

1919888
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Kiýewiň Desniansky, Dniprowsky we Holosiýiwsky sebitlerine hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Halka gaçybatalgalarda galmak barada çagyryş beren Kliçko: "Metro hyzmatlary ähli ugurlar boýunça bes edildi. Ýerasty duralgalar gaçybatalga hökmünde hyzmat berýär. Howa hüjümleri bilen bagly duýduryşlar dowam edýär. Haýyş edýäris gaçybatalgalarda galyň" diýip belledi. 

Kliçko: "Energiýa infrastrukturasyna zeper ýetmegi sebäpli paýtagtyň ähli ýerlerinde suwlar kesildi" diýip maglumat berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar