Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy

“Kursk howa menziline uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde nebit ammary ýandy"

1915328
Russiýa Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy

Russiýanyň Kursk şäherinde ýerleşýän harby howa menzilindäki nebit ammaryna uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy.

Kurskyň häkimi Roman Starowoýt, Telegramdan beren habarnamasynda, “Kursk howa menziline uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde nebit ammary ýandy. Ýangyn söndüriş işleri dowam edýär. Wakada hiç hili adam pidasy çekilmedi” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen Russiýa degişli Dyagilewo we Engels harby howa menzillilerine hüjüm gurandygyny, hüjümlerde 3 esgeriň ýogalandygyny, 4 esgeriň ýaralanandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar