“Putiniň, NATO-ny Ukraina Urşuna Çekmegine Ýol Bermeris”

Stoltenberg “Söweş sebäpli gyş pasly has agyr geçýär. Russiýa bu söweşde ýeňiş gazanmaly däl. Putiniň, NATO-ny Ukraina urşuna çekmegine ýol bermeris”diýdi

1913644
“Putiniň, NATO-ny Ukraina Urşuna Çekmegine Ýol Bermeris”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, NATO-ny Ukraina urşuna çekmegine ýol bermejekdiklerini aýtdy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen paýtagt Berlinde bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama beren Stoltenberg, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň halkara hukugyna bap gelmeýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg “Söweş sebäpli gyş pasly has agyr geçýär. Russiýa bu söweşde ýeňiş gazanmaly däl. Putiniň, NATO-ny Ukraina urşuna çekmegine ýol bermeris”diýip belledi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols hem ýurdunyň NATO-daky ýaranlary bilen birlikde Ukraina degişli godlawy bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Şols “Russiýa bu söweş ýeňiş gazanmaly däl” diýdi.

 


Etiketkalar: #söweş , #NATO , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar