BDSGG, Siriýa 2 Million Doza Sanjym Kömegini Berdi

Siriýa 2 million doza golaý sanjym kömegi berildi.

1912629
BDSGG, Siriýa 2 Million Doza Sanjym Kömegini Berdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy holera epidemiýasyna garşy göreşýän Siriýa 2 million doza golaý sanjym kömegini berdi.

Gurama tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada 2 million doza golaý holera sanjymynyň 4-nji dekabrdan başlap Halap, Rakka, Haseke we Deýrizor şäherlerinde ulanylmaga başlanjakdygy nygtaldy.

ÝUNISEF-iň Siriýa boýunça ýörite wekili Gada Kaçaçi, holera epidemiýasynyň esasan çagalara ýaramaz täsirini ýetirýändigini mälim etdi.

Kaçaçi, “ÝUNISEF-iň ilkinji wezipesi epidemiýa garşy göreşde sanjymlary wagtynda Siriýa ýetirmek” diýdi.

Siriýa tarapyndan üstümizdäki aýyň başynda berlen beýannamada, holera sebäpli 88 adamyň ýogalandygy, 31 müň 544 adamyň hem hasaba alynandygy nygtalypdy.


Etiketkalar: #sanjym , #holera , #Siriýa

Degişli Habarlar