“Basybalyjylaryň Hereketlerini Seljerýäris we Degişli Çäreleri Görýäris”

Wladimir Zelenskiý, Ukrain halkyna ýüzlendi we Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

1913338
“Basybalyjylaryň Hereketlerini Seljerýäris we Degişli Çäreleri Görýäris”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý,  dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde rus goşunyna garşy goşmaça çäreleriň görülýändigini mälim etdi.

Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren wideo ýüzlenmesinde, Ukrain halkyna ýüzlendi we 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit hakynda maglumat berdi.

Howpsyzlyk güýçleri bilen maslahat geçirendigini we Ukrainadaky ähli front liniýalarynda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Zelenskiý, “Basybalyjylaryň hereketlerini seljerýäris we degişli çäreleri görýäris” diýdi.

Russiýanyň soňky döwürde guran hüjümlerinde nyşana alynan energiýa infstrukturasynda abatlaýyş işleriniň dowam edýändigine garamazdan Ukrainada käbir ýerlerde elektrik togynyň kesilýändigini aýdan Zelenskiý, “Ýurdumyzyň çar tarapynda we paýtagt Kiýewde 6 million hojalygyň elektrik togy kesildi” diýip belledi.

Wladimir Zelenskiý, nemes hökümetine, Ukraina Patriot raketa goranyş ulgamyny bermegi üçin çagyryş berdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar