19-njy Astana Gepleşikleri Başlady

Siriýa meselesini çözmek maksady bilen geçirilýän Astana gepleşikleriniň hemaýatkärleri Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň wekiliýetleri Gazagystanyň paýtagty Astanada 19-njy gezek duşuşdylar.

1909438
19-njy Astana Gepleşikleri Başlady

Gepleşikler Astanadaky myhmanhanalardan birinde rus we Siriýadaky hökümetiň wekiliýetleriniň arasyndaky özara maslahat bilen başlady.

Türk wekiliýeti gepleşikleriň çägindäki ilkinji maslahatyny BMG-niň Siriýa boýunça Ýörite wekili Geir O.Pedersen bilen geçirdi.

Türkiýä Daşary işler ministrliginiň Siriýa işleri boýunça Baş müdiri, İlçi Selçuk Ünalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň wekilçilik edýan gepleşiklerinde synçy derejesinde gatnaşýan İrodaniýadan, Yrakdan we Liwandan hem wekiliýetler hem bar.

İki gün dowam etjek maslahatlarda taraplar Siriýadaky umumy şertlere görä ynsanperwer we sosial-ykdysady uğurlar bilen syýasy tapgyryň giňişleýin goldanmagy, ýesirleriň boşadylmagy, dereksiz ýitenleriň tapylmagy ynamy güýçlendiriji çäreler, siriýaly bosgunlaryň watanlaryna gaýdyp barmagy üçin şertleriň döredilmegi, Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin BMG-niň howpsuzlyk geňeşiniň 2642 belgili kararyna laýyklykda halkara jemgyýetçilginiň tagallalarynyň mobilizlenmegi ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşýarlar.



Degişli Habarlar