Eýran Beýik Britaniýanyň Tährandaky ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy

Eýran London şäherindäki ilçihananyň binasyna garşy guralan hüjümden soň, Beýik Britaniýanyň Tähran şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Saýmon Şerkliffi Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny habar berdi

1908604
Eýran Beýik Britaniýanyň Tährandaky ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda berilen beýanatda, Eýranyň hökümetiniň London şäherindäki ilçihanasynyň binasyna garşy guralan hüjümden soň,  Beýik Britaniýanyň Tähran şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Saýmon Şerkliffi Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny mälim etdi. 

Beýanatda ilçä Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Konsullyk gatnaşyklary baradaky Wena şertnamasynyň çägindäki jogapkärçilikler ýatladylyp, protest notasynyň berilendigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan  Beýik Britaniýanyň Tähran şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Saýmon Şerkliff hüjüme gynanç bildirip, ýagdaýy Londona ýetirjekdigini, geljekde bular ýaly hadysalaryň başdan geçirilmezligini umyt edýändigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar