ABŞ-da Gar Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

Nýu-Ýorkyň esasan Buffalo şäherinde aşa köp ýagýan gar gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

1908522
ABŞ-da Gar Sebäpli 3 Adam Ýogaldy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň günbatarynda we demirgazygynda aşa köp ýagýan gar sebäpli 3 adam ýogaldy.

Nýu-Ýorkyň esasan Buffalo şäherinde aşa köp ýagýan gar gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Anna gününden bäri ýagýan garyň galyňlygy käbir etrapçalarda 1,8 metreden geçdi, ulaglar gar sebäpli ýolda galdy.

Şäherde iki adam gar sebäpli infarkt geçirdi we ýogaldy.

Hamlet şäherçesinde hem 1 adam gar sebäpli ýol heläkçiligine sezewar boldy we ýogaldy.

Nýu-Ýorkyň gubernatory Keti Hoýkul, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdenden “federal adatdan daşary ýagdaý” dolanşygynyň yglan edilmegini talap etjekdigini aýtdy.

 


Etiketkalar: #gündelik durmuş , #gar , #ABŞ

Degişli Habarlar