Eýrandaky protestler dowam edýär

Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Bukan şäherindäki protestlerde 2 howpsuzlyk gullukçysynyň ýaragly adamlar bilen çaknyşyga girmegi netijesinde ýogalandygy habar berildi

1907928
Eýrandaky protestler dowam edýär

Eýranyň IRNA habarlar agentliginiň habar bermegine görä, düýn gije Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Bukan şäherindäki protestlerde ýaragly adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy. 

Ýaragly çaknyşyklaryň netijesinde 2 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy. 

IRNA Bukan şäherinde 2 gün ozal geçirilen protestlerde hem bir polkownigiň şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan sapança bilen öldürilendigi mälim edildi. 

13-nji sentýabrda paýtagt Tähranda “ahlak polisi” atlandyrylýan İrşad patrullary tarapyndan saklanandan soň hassahana getirilen 22 ýaşly Mahsa Amininiň  16-njy sentýabrda ölmegi ýurtda uly dartgynlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Amininiň 17-nji sentýabrda Sakkyz şäherinde jaýlanmagyndan soň başlan ýörişler, birnäçe şähere ýaýrapdy.

Resmi çeşmeler tarapyndan wakalarda asuda ilatdan we howpsuzlyk güýçlerinden ýitgileriň bardygy barada beýanatlar berilsede ýogalan adamlaryň sany barada anyk maglumat berilmedi. 

Merkezi ofisi Norwegiýada ýerleşýän Eýranyň Adam hukuklary guramasy bolsa birnäçe gün ozal beren beýanatynda, protest aksiýalarynda 342 adamyň ýogalandygyny aýan edipdi. Eýranyň mediasynda berilen habarlara görä protest aksiýalarynda 50-den gowrak howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy. 

Soňky gezek bolsa düýn agşam Maşad we Senendek şäherlerinde geçirilen protestlerde 1-i podpolkownik bolan jemi 3 howpsuzlyk gullukçysynyň pyçakly hüjümde ýogalandygy habar berildi. 

 


Etiketkalar: #protest , #Eýran

Degişli Habarlar