ABŞ Eýrana Sanksiýalaryny Giňeldýär

Sanksiýa karary Daşary işler we Gazna ministrlikleri tarapyndan kabul edildi.

1906856
ABŞ Eýrana Sanksiýalaryny Giňeldýär

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Russiýanyň Ukraina söweşinde ulanmak üçin Eýrandan alan kamikadze dronlarynyň öndürilmegi we getirilmeği bilen arabaglanşykly Eýranyň 3 firmasyna we 2 kargo firmasyny sanksiýa sanawyna goşdy.

Blinken beren ýazmaça beýannamasynda; “Şu gün Tähranyň resmi Moskwa tarapyndan raýat infrastruktura desgalaryny we şäherleri ýumurmak üçin ulanylýan dronlaryny Russiýa bermegi bilen bilelikde Eýranyň Ukraina garşy söweşde Russiýa goldawyna jogap hökmünde sanksiýa goýýarys” diýdi.

Daşary işler we Gazna ministrlikleriniň sanksiýa goýmak hakyndaky karary bilelikde kabul edendigini beýan eden Blinken, Eýranyň Russiýa beren dronlaryny öndürýän we gowşuran Eýranyň üç edarasynyň sanksiýa sanawyna goşulandygyny nygtady.

Blinken sanksiýa sanawyna goşulan üç edarasynyň Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Howa-kosmos güýji, Mohažer-6 dronlaryny öndürýän “Kuds Awiasiýa Senagaty” bilen rus güýçleriniň Kiýew, Odessa we Harkow şäherlerinde soňky hüjümlerde ulanan “Şahed-36” kamikadze dronlary bilen “Şahed” kysymly dronlary öndürýän “Şahed Awiasiýa senagaty merkezidigini” mälim etdi.

Eýranyň dronlaryny ulanýan Rus hususy howpsuzsyzlyk firmasy “Wagnere” hem sanksiýa goýandyklaryny beýan eden Blinken, Eýranyň dronlarynyň “Wagnere” satylmagyny guran Abbas Juma bilen Tigran Hristaforowiç Srabionowyň hem sanksiýa sanawyna goşulandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar