Indoneziýanyň Döwlet baştutany G20 Liderlerine Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi barada çagyryş berdi

Indoneziýanyň Döwlet baştutany Žoko Widodo G20-ä agza ýurtlaryň Liderlerine Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi barada çagyryş berdi

1906503
Indoneziýanyň Döwlet baştutany G20 Liderlerine Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi barada çagyryş berdi

Indoneziýanyň Döwlet baştutany Žoko Widodo, şu ýyl döwürleýin başlygy Indoneziýa bolan 17-nji G20 Liderler maslahatynyň açylyşynda eden çykyşynda, G20-niň köptaraplaýyn ykdysady dikeliş üçin tankydy bir platforma bolmaga dowam edýändigini belläp, dünýäniň sezewar galan kyn ýagdaýa garşy G20-niň anyk netijeler almaga dowam etmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Žoko Widodo G20-ä agza ýurtlaryň gelejekde bolmagy ähtimal epidemiýalara garşy gazna döredilmeginiň ähmiýetiniň nygtap geçip: "G20 gowşak ýurtlary goldamaly, has ýaşyl we dowamly ykdysady dikelişi üpjün etmeli. Bütin dünýä üçin bilelikde işleşeliň, bilelikde dikeleliň, has berk ýagdaýda dikeleliň" diýip belledi. 

Adamzadyň we bütin dünýäniň öňünde jogapkärçilikleriniň bardygyny aýdan Widodo, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşini göz öňümde tutup: "Jogapkärçilikli bolmak söweşi bes etmelidigimiz manysyny aňladýar. Söweş bes edilmese dünýäniň özgermegi kyn bolar. Söweş bes edilmese, gelejek nesiller üçin jogapkärçilik almak kyn bolar. Söweşiň 2-nji bir Sowuk söweşe öwrülmegine rugsat bermeli däldiris. Dünýä 2-nji Sowuk söweşe öwrülmeli däl" diýip nygtady. 

Indoneziýanyň Döwlet baştutany Žoko Widodonyň açylyşdaky çykyşyndan soň liderler metbugat işgärlerine ýapyk görnüşde geçirilen "Azyk we Energetika howpsuzlygy" maslahatyna geçdiler. 

Sammit liderleriň ikiçäk duşuşyklary bilen dowam eder. 



Degişli Habarlar