Eýran Russiýa Bilen Tebigy Gaz Boýunça Şertnama Gol Çekişdi

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Russiýa bilen tebigy gaz känleriniň kämilleşdirilmegi we onuň eksporty boýunça 4 milliard dollara barabar şertnama gol çekişilendigini beýan etdi.

1904249
Eýran Russiýa Bilen Tebigy Gaz Boýunça Şertnama Gol Çekişdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” mälim etmegine görä Owji ministrler kabinetiniň mejlisinden soň žurnalistlere beren beýanatynda energetika pudagy hakynda maglumat berdi.

Jawad Owji: “Tebigy gaz känleriniň kämilleşdirilmegi we tebigy gazyň eksporty üçin geçirijiler boýunça Russiýa bilen 4 milliard dollara barabar şertnama baglaşdyk” diýdi.

Russiýanyň energetika firmasy Gazprom bilen 40 milliard dollarlyk alynky şertnama gol çekişendiklerini ýatladan Owji, Russiýanyň “ZN Wostok” firmasynyn hem Eýranda maýa goýandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar