Wenesuelada kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Wenesuelanyň Amazonas ştatynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 harby ýogaldy

1903680
Wenesuelada kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Wenesuelanyň Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez beren beýanatynda, ýurduň günortasyndaky Puerto-Aýakuço şäheriniň çäklerinde ýere gaçan C-2088 kysymly uçaryň düzüminde bolan we Boliwarjy Milli Ýaragly güýçlere degişli 5 ofiseriň ýogalandygyny habar berdi. 

Ýurduň Döwlet baştutany Nikolas Maduro bolsa Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ýogalan harbylaryň maşgalalaryna gynanç bildirip: "Boliwarjy harby awiasiýamyzyň 5 batyr ofiseriniň ýogalmagyna gynanç bildirýärin. Maşgalalarynyň gam-gussasyny paýlaşýaryn we olara gynanç bildirýärin" diýip mälim etdi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #uçar , #ofiser , #harby , #Wenesuela

Degişli Habarlar