Beýik Britaniýanyň Moskwadaky ilçisi Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy
Russiýanyň Daşary işler ministrliginde takmynan 30 minut galan Debora Bronnert, ondan soň bolsa metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap bermeden binany terk etdi
Beýik Britaniýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Debora Bronnert Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň Sewastopol sebitindäki Russiýanyň Harby flodyna garşy guralan hüjüm sebäpli Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligine şu gün irden baran Beýik Britaniýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Debora Bronnert bina girjek mahaly rus raýatlar tarapyndan protest edildi.
Debora Bronnert "Beýik Britaniýa terrorist ýurt" ýazygyly şygarlar we şygarlar aýdýan adamlar tarapyndan protest edildi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginde takmynan 30 minut galan Debora Bronnert, ondan soň bolsa metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap bermeden binany terk etdi.
Düýn Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Sewastopolde Russiýanyň harby flotyna degişli gämilere we infrastrukturasyna garşy 29-njy oktýabrda uçarmansyz howa ulaglary bilen, deňiz we howa hüjümleriniň guralandygyny ýatladyp: "Kiýewiň şol aksiýalary iňlis harby hünärmenleriň maslahatlary netijesinde amala aşyryldy. Şol sebäpli Beýik Britaniýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi ýakyn wagtda Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyrylar" diýip habar beripdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.