Arap Parlamenti Ysraýyla Duýduryş Berdi

Arap Parlamenti Ysraýylyň Palestinanyň basylyp alynan ýerlerinde dartgynlygy artdyryjy aksiýalaryň sebitiň parahatçylygyna hem-de howpsuzlygyna wehim salýandygyny duýdurdy.

1895856
Arap Parlamenti Ysraýyla Duýduryş Berdi

Arap Parlamenti beren ýazmaça beýanatynda Ysraýylyň güýçleriniň Jenin, Iýerusalim we basylyp alynan Günbatar Şeriýada birnäçe wagtdan bäri palestinalylara guralýan hüjümleri we aşa güýç ulanylmagyny hem-de ýehudi ýaşaýjylarynyň “terroruny” ýazgardy.

Palestinanyň territoriýasynyň basylyp alynandygy, Iýerusalimde we Günbatar Şeriýada ýehudileşdiriş hem-de etniki saplaýyş işleriniň dowam edýändigine, köçe basyşlarynyň dowam edýändigine we palestinalylara degişli öýleriň hem-de iş ýerleriniň ýykylandygyna üns çekikýän beýannamada, onun halkara jemgyýetçiliginiň ygtyýaryna we kararalaryna aç-açan äsgermezçilik bolandygy nygtalýar.

Ysraýylyň güýçleriniň Palestinanyň basylyp alynan ýerlerinde adam pidalaryna hem-de ýaralanmalara sebäp bolýan aksiýalarynyň sebitiň parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim salýandygy nygtalyp, halkara jemgyýetçiligine we BMG-ne palestinalylara edilýän hüjümleri hem-de basyşlary togtatmagy üçin Ysraýyla basyş etmäge çagyryş berildi.

Basylyp alynan Gündogar Iýerusalimde we Günbatar Şeriýada soňky döwürde ýaragly wakalaryň artýandygy görülýär.

 



Degişli Habarlar