Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guran hüjümleri barada beýannama berdi

Nikolaýew şäherindäki hüjümde 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň terror döwletidigini beýan etdi

1894356
Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guran hüjümleri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň Nikolaýew şäheriniň şu gün irden Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan S-300 howa goranyş ulgamlary tarapyndan atylan raketalar bilen nyşana alynyp hüjüm guralandygyny belläp: "Ukraina basyp alyjylaryň hüjümlerine sezewar galýar" diýip mälim etdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň S-300 ulgamlaryndan atan raketalarynyň Nikolaýew şäherindäki ýaşaýyş binalarynyň birine degendigini habar berdi. 

Ruslaryň ýene-de Nikolaýew şäherindäki Kaştan meýdançasynda ýerleşýän gül bazaryny hem bombalandygyny aýdan Zelenskiý: "Ukraina basyp alyjylaryň hüjümlerine sezewar galýar. Iň gowy edýän zatlaryny etmäge dowam edýärler, asuda ilaty gorkuzýarlar we öldürýärler" diýip aýan etdi. 

Nikolaýew şäherindäki hüjümde 1 adamyň ýogalandygyny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň terror döwletidigini beýan etdi. 

Zelenskiý Twitter hasabyndan beren beýanatynda bolsa, Russiýanyň harby güýçleriniň 10-njy oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde Ukrainadaky elektrik desgalaryň 30 göteriminiň ýok edilendigini we şol hüjümleriň ýurtda uly göwrümli elektrik tok kesilmelerine sebäp döredendigini belledi. 



Degişli Habarlar