33 Kosowalyny Öldüren Adam Tussag Edildi

23 ýyl ozal 33 kosowalyny öldüren Serbiýanyň raýaty Wengriýada tussag edildi.

1894319
33 Kosowalyny Öldüren Adam Tussag Edildi

Kosowanyň Peža Kristal etrabynda, 23 ýyl ozal 33 kosowalyny öldüren Serbiýanyň raýaty Wengriýada tussag edildi.

Wengriýanyň habarlar gullugynda berlen habarda, jenaýatçynyň, BMG-nyň Baş sekretarynyň Kosowadaky ýörite wekili tarapyndan berlen görkezmä laýyklykda tussag edilendigi nygtaldy.

Habarda, jenaýatçynyň 1999-njy ýylda Kosowanyň Peža Kristal etrabynda asuda ilatdan 33 adamy öldürmekde aýyplanýandygy bellenildi.

Habarda, Wengriýaly resmileriň mesele hakynda Kosowaly resmiler bilen aragatnaşyk saklaýandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar