Kiýewde Azyndan 4 Partlama Boldy

Kliçko, hüjümleriň uçarmansyz howa ulaglary arkaly guralandygyny belledi.

1893561
Kiýewde Azyndan 4 Partlama Boldy

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde yzly yzyna azyndan 4 partlama boldy.

Ýolbaşçylar, hüjümleriň uçarmansyz howa ulaglary arkaly guralandygyny mälim etdi.

Kiýewiň şäher häkimi Witali Kliçko, sosial mediadan beren habarnamsynda, paýtagtyň Şewçenski etrapçasynda rus güýçleriniň hüjümi sebäpli yzly yzyna 4 partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Kliçko, hüjümleriň uçarmansyz howa ulaglary arkaly guralandygyny belledi.

Habarnamada, Kiýewiň ýaşaýjylary berlen duýduryşlary berjaý etmäge çagyryldy.

Beýleki tarapdan hüjüm sebäpli Kiýewiň şäher merkezinde ýerleşýän bir bina zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri, uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin od açdy.

Ýarag sesinden soň sebitde iki partlama boldy.

Rus güýçleri 10-njy oktýabrda hem Kiýewe birnäçe hüjüm gurapdy.

 

 



Degişli Habarlar