G-7-ä Agza Ýurtlar Rus Hüjümlerini Ýazgardy

G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, rus güýçleriniň Ukrainada birnäçe şähere guran soňky raketa hüjümlerinden soň duşuşdy.

1891595
G-7-ä Agza Ýurtlar Rus Hüjümlerini Ýazgardy

G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, Russiýanyň Ukraina guran soňky raketa hüjümlerini ýazgardy we Ukraina berilýän maliýe, gumanitar, harby we diplomatik goldawyň dowam etjekdigini mälim etdi.

ABŞ-dan, Kanadadan, Germaniýadan, Britaniýadan, Fransiýadan, Italiýadan we Ýaponiýadan ybarat G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, rus güýçleriniň Ukrainada birnäçe şähere guran soňky raketa hüjümlerinden soň nobatdan daşary ýagdaýda duşuşdy.

Wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen liderler duşuşygyna Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem gatnaşdy.

Liderler tarapyndan kabul edilen bilelikdäki jarnamada, Russiýanyň Ukraina guran raketa hüjümleri berk ýazgaryldy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we beýleki degişli ýolbaşçylaryň hüjümlerden jogapkärdigini nygtan liderler, Ukrainanyň Krym we Siwastopol sebitleri bilen birlikde Donesk, Lugansk, Zaporožýe we Herson oblastlarynyň anneksirlenmegini kabul etmeýändiklerini we ýazgarýandyklaryny belledi.

Liderler, Russiýanyň, BMG-nyň düzgünlerini basgylaýandygyna ünsi çekdi, Russiýanyň halkara hukugyny basgylamagyna garşy durmaklary we esgerlerini Ukrainadan çekmegini islemekleri üçin dünýä ýurtlaryna çagyryş berdi.

G-7-ä agza ýurtlaryň liderleri, Belarusa hem rus güýçlerine goldaw bermekden ýüz öwürmekleri üçin çagyryş berdi.

Ukraina berilýän maliýe, gumanitar, harby we diplomatik goldawyň dowam etjekdigini nygtan liderler, Ukrainanyň garaşsyzlygyna, territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna doly goldaw berýändiklerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #ýazgarmak , #G-7

Degişli Habarlar