Ukrainanyň Baş ştaby: "Rus uçarlary raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi

Ukrainanyň Baş Ştaby Hazar deňizi sebitindäki rus uçarlaryndan Ukraina raketalar bilen hüjüm guralandygyny habar berdi

1891399
Ukrainanyň Baş ştaby: "Rus uçarlary raketalar bilen hüjüm gurady" diýdi

Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen beýanatda, şu gün irden Hazar deňizi sebitindäki "Tu-95" we "Tu-160" kysymly rus raketa göteriji uçarlar bilen Ukraina garşy "Х-101" we "Х-555" kysymly raketalar bilen hüjüm guralandygy habar berildi. 

Beýanatda raketalaryň 4-siniň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Hüjüm guralmak howpunyň dowam edýändigi bellenen beýanatda, raýatlara gaçybatalgalarda galmaklary barada çagyryş berildi. 

Ukrainanyň Baş Ştabyndan berilen başga bir beýanatda bolsa, Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina garşy guralan hüjümlerde ulanan Eýran önümi bolan Şahid kamikaze uçarmansyz howa ulaglarynyň Belarussiýadan uçurylandygy mälim edildi. 

Beýanatda Belarussiýanyň hüjüm guraýan rus harby güýçlerine enjam, ulag we ok-däri kömegini berendigi habar berildi. 

Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäherine hem rus harby güýçleri tarapyndan rekatalar bilen hüjümler guralandygy aýan edildi. 

Lwow şäheriniň häkimi Andreý Sadowiý Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň şäheriň tankydy infrastruktura desgalaryna raketalar bilen hüjüm gurandygyny beýan etdi. 

Hüjümler sebäpli şäheriň käbir ýerlerinde elektrik toklaryň kesilendigini aýdan Sadowiý, Lwow şäheriniň ýaşaýjylaryna gaçybatalgalarda galmaklary barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar