Rus Güýçleriniň Zaporožýe Şäherine Guran Hüjüminde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Hüjümde ýogalanlaryň sany 11, ýitenleriň sany 5 adama ýetdi

1889978
Rus Güýçleriniň Zaporožýe Şäherine Guran Hüjüminde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Rus güýçleri tarapyndan düýn Zaporožýe şäherine guralan raketa hüjüminde ýogalanlaryň sany 11 adama ýetdi.

Şäher häkimliginden berlen beýannamada, rus güýçleriniň düýn şähere guran hüjüminden soň geçirilýän gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Hüjümde ýogalanlaryň sany 11, ýitenleriň sany 5 adama ýetdi” diýildi.

Düýn berlen beýannamada bolsa, rus güýçleriniň Zaporožýe şäherinde guran raketa hüjüminde 3 adamyň ýogalandygy, 12 adamyň ýaralanandygy nygtalypdy.

 



Degişli Habarlar