“Bölekleýin Mobilizlenmäniň Çäginde 200 Müňden Gowrak Adam Harby Goşunyň Hataryna Alyndy”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, 21-nji sentýabrda bölekleýin mobilizlenme yglan edipdi.

1888273
“Bölekleýin Mobilizlenmäniň Çäginde 200 Müňden Gowrak Adam Harby Goşunyň Hataryna Alyndy”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ýurdunda yglan edilen bölekleýin mobilizlenmäniň çäginde 200 müňden gowrak adamyň harby goşunyň hataryna alynandygyny mälim etdi.

Sergeý Şoýgu harby ýolbaşçylar bilen geçiren maslahatynda, Russiýada geçen aý yglan edilen bölekleýin mobilizlenme etaby hakynda maglumat berdi.

Etabyň dowam edýändigini nygtan Şoýgu, “Şu günki güne çenli 200 müňden gowrak adam harby goşunyň hataryna alyndy”diýdi.

Olaryň arasynda meýletinleriň hem bardygyny aýdan Şoýgu, harby goşunyň hataryna alynanlaryň Russiýa 80-nji atyş merkezinde we 6-njy harby bilim merkezinde tälim alýandygyny ýatlatdy.

“Esgerler degişli tälimi alandan soň söweşe ugradylmaly” diýen Şoýgu, mobilizlenme etabynyň gözegçilik astynda tutulmalydygyny belledi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, 21-nji sentýabrda bölekleýin mobilizlenme yglan edipdi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu hem bölekleýin mobilizlenmäniň çäginde ätiýaçdaky jemi 300 müň esgeriň harby gullugyň hataryna çagyryljakdygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar