Zelenskiý Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä bolsa, telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly meseleler ele alyndy

1886347
Zelenskiý Erdogana minnetdarlyk bildirdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, düýn Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşligjnden soň paýlaşan wideo ýüzlenmesi bilen özüne minnetdarlyk bildirdi. 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý wideo ýüzlenmesinde: "Halkymyzy Russiýanyň ýesirligi astyndan halas bolmaga kömek berýändigi üçin Prezident Erdogana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Häzirki wagtda Türkiyede bolan Azowstaldan gelen harbylar ýakyn wagtda maşgalalary bilen duşuşarlar. Meseläniň üstünde işleýäris" diýip habar berdi. 

Wladimir Zelenskiý Prezident Erdogan bilen goranyş senagaty boýunça hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä bolsa, telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly meseleler ele alyndy. 

Erdogan telefon söhbetdeşliginde eýýäm ençeme wagt üstünde işleýän Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky zamun çalşygynyň oňyn netijelenmeginden örän hoşaldygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar