ÝB Russiýanyň Ukrainada geçiren referendumyny ykrar etmeýär

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Russiýanyň Donetsk, Herson, Lugansk we Zaparožýe sebitlerindäki referendumlaryny bikanun hökmünde häsýetlendirip, referendumy ykrar etmeýändigini mälim etdi

1886061
ÝB Russiýanyň Ukrainada geçiren referendumyny ykrar etmeýär

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatynyň Ýokary wekili Jozep Borreliň ofisinden berilen beýanatda, ady agzalan referendumyň iň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy bellenip: "ÝB şol bikanun referendumy, olaryň ýoýulan netijelerini we şol netijelere görä kabul ediljek islendik karary asla kabul etmez we BMG-na agza ähli ýurtlara hem şoňa meňzeş hereketi etmäge çagyrýar" diýip habar berildi. 

Beýanatda Russiýanyň bu ýol bilen Ukrainanyň halkara derejede kabul edilýän serhetlerini zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýändigi bellenip: "Russiýanyň bikanun, galp referendumlary hiç hili kanuna bap gelmeýär we Russiýa halkara jogapkärçilikleri bilen birlikde halkara hukugyň hem düzgünlerini bozýar. Referendumlar Russiýanyň Ukraina garşy söweş alyp barýan mahaly we Ukrainanyň basyp alyşlyk astyndaky territoriýalarynyň anneksiýa edilmegini maksat edinýän mahaly guraldy. Ukrainanyň konstititsiýasynyň, özbaşdaklygynyň we territorial bütewiliginiň düzgünini bozýar" diýip aýan edildi. 

Beýanatda referendumlaryň basyş astynda we gyssagly ýagdaýda geçirilendigi, Ukrainanyň şol sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň erkin ygtyýaryna wekilçilik etmeýändigi nygtalyp, Russiýanyň basyp alyşlygyna garşylyk görkezmäge dowam edýän ukrainalylaryň mertliginiň takdyr edilýändigi beýan edildi. 

Ukrainadaky Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligi astyndaky Donetsk we Lugansk Halk Respublikalary bilen Russiýanyň goşuny tarapyndan basylyp alynan Herson we Zaparožýe sebitlerinde geçirilen referendumlardan Russiýa birikmek barada karar çykypdy. Ses bermäge gatnaşanlaryň 98,42 göterimi Russiýa birikmek barada ses berendigi beýan edildi. 

ÝB Russiýa garşy taýarlan 8-nji sanksiýa bukjasynda, ady agzalan referendumlary geçiren adamlaryň sanawa alynandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #referendum , #ÝB

Degişli Habarlar