"Günbatar ýurdumyzy gowşatmak üçin Ukrainadaky çaknyşyklary mümkin boldugy saýyn uzatmak isleýär"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Günbatar döwletleriň ýurduny gowşatmak üçin Ukrainadaky çaknyşyklary mümkin boldugy saýyn uzatmagy maksat edinýändiklerini beýan etdi

1883688
"Günbatar ýurdumyzy gowşatmak üçin Ukrainadaky çaknyşyklary mümkin boldugy saýyn uzatmak isleýär"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde eden çykyşynda, Ukrainada 8 ýylyň dowamynda Ukrainanyň goşunynyň we milletçi düzümleriň Donbassyň ýaşaýjylaryny öldürendigini we öldürmäge dowam edýändigini belledi. 

Donbassda ýaşaýanlaryň Ukrainanyň konstitutsiýasy tarapyndan kepillik astyna alynan, ene dilleri bolan rusçany azat ýagdaýda ulanmak bilen birlikde hukuklaryny goramak barada karara gelendiklerini aýdan Lawrow, halkara gurluşlaryň Kiýewi adam hukuklary ugrundaky jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge yrmak üçin ýüreklilik etmändiklerini aýtdy. 

Lawrow Ukrainanyň goşunynyň iň ýokary harby serkerdeleri we ofiserleri bilen birlikde beýleki döwletleriň raýatlarynyň arasyndan tutulan hakyna tutma söweşijileriň Ukrainadaky harby jenaýatlary edendikleriniň anyklanandygyny belläp, 220 adamdan ybarat şol topardan jogap soraljakdygyny beýan etdi. 

Russiýanyň goşunynyň diňe Kiýewiň ýaragly güýçleri bilen däl, eýsem şol bir wagtda kollektiw Günbataryň harby maşynlary bilen ýüz-ýüzedigini aýdan Sergeý Lawrow, Günbatar döwletleriň indi maksatlaryny gizlemeýändigini belledi. 

Lawrow: "Maksatlary ýitgilere we weýrançylyga garamazdan Russiýany sarp etmek we gowşatmak üçin çaknyşyklary mümkin boldugy saýyn uzatmak. Kollektiw Günbatar tarapyndan bu çaknyşygyň bilkastlaýyn ýagdaýda öjükdirilmegi jezasyz galýar" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar