“Oktýabr Aýynda Ukraina Harby Kömegiň Berilmegi Üçin Karar Kabul Ediler”

Borreli gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

1882059
“Oktýabr Aýynda Ukraina Harby Kömegiň Berilmegi Üçin Karar Kabul Ediler”

ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsyzlyk boýunça ýokary wekili Žozep Borrel, oktýabr aýynda Ukraina harby kömegiň berilmegi üçin ýörite kararyň kabul edilip bilinjekdigini aýtdy.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine giden Borreli gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Russiýanyň “Ukrain gallasynyň esasy böleginiň ÝB-ne agza ýurtlara gidendigi” hakyndaky garaýşyna jogap berern Borrel, “Ukrain gallasynyň esasy bölegi galla ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlara gitdi. Görkezijilere ser salyň. Eksport edilen ukrain gallasynyň 3/2 bölegi Afrika, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlaryna gitdi” diýdi.

ÝB-niň Ukraina berýän harby kömegi hakynda hem durup geçen Borrel “Oktýabr aýynda ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda Ukraina harby kömegiň berilmegi meselesinde kararyň kabul edilmegine garaşýaryn” diýdi.

Borrel, Ukraina beriljek harby kömek hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.



Degişli Habarlar