Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň köçeleri ulaglara ýapyk bolar

Fransiýanyň paýtagty Pariş şäheriniň köçeleri 8-nji gezek geçirilýän "Pariž dem alýar" atly çäräniň çäginde şu gün günüň dowamynda ulaglara ýapyk bolar

1881533
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň köçeleri ulaglara ýapyk bolar

Parižiň şäher häkimliginiň internet saýtynda berilen maglumata görä, şu ýyl 8-nji gezek geçirilýän "Pariž dem alýar" atly çäräniň çäginde ýerli wagt bilen sagat 11:00-18:00 aralygynda şäheriň ýollary ulaglara ýapyk bolar. 

Parižde gadagançylygyň düzgünlerini berjaý etmeýän sürüjilere 135 ýewro jerimäniň salynjakdygy habar berildi. 

Köpçülikleýin ulaglar, taksiler we tiz kömek ulaglarynyň sürüjileri şol gadagançylygyň düzgüninden boşadyldy, emma olar üçin ýolda rugsat berilen tizligiň ululygy peseldildi. 


Etiketkalar: #ulag , #Fransiýa , #Pariž

Degişli Habarlar