Harkowda 300-den Gowrak Ilatly Ýer Yzyna Alyndy

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Maliar 6-njy sentýabrdan bäri Harkow welaýatynda 300-den gowrak ilatly ýeriň rus güýçlerinden yzyna alynandygyny aýtdy.

1879594
Harkowda 300-den Gowrak Ilatly Ýer Yzyna Alyndy

Maliar Ukrainanyň gözegçiligi yzyna alan Balakliýa şäherinde, Harkowda rus güýçlerine garşy başladylan hüjümler hakynda beýanat berdi.

6-nji sentýabrdan bäri 3,800 inedördül kilometrlik meýdanyn rus güýçlerinden yzyna alynandygyny beýan eden Maliar; “300-den gowrak ilatly ýer we 150 müňe barabar raýatymyz basybalyjylykdan halas edildi” diýdi.

Maliar, sebitde rus güýçlerine garşy hüjümleriň dowam edýändigini, Harkow welaýaty dolulygyna yzyna alynýança dowam etjekdigini nygtady.

Harkowyň Harby dolanşygynyň Gubernatory Oleg Sinegubo ukrain goşunlarynyň başladan garşy hüjüminden ozal Harkowyň 30 göteriminiň rus güýçleriniň gözegçiligindedigini, häzirki wagtda onuň 15 göterime çenli aşaklandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar