Eýran Albaniýanyň Kararyny Ýazgardy
Eýran Albaniýanyň hökümtiniň iýul aýynda digital infrastrukturalaryna guralan kiber hüjüm sebäpli remi Tähran bilen diplomatik gatnaşyklary bes etmek hakyndaky kararyny ýazgardy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada; “Albaniýanyň hökümetiniň resmi Tährana hakyndaky günäkärlemeleri esassyzdygy, şeýle wakalar arkaly Eýran bilen syýasy gatnaşyklaryň kesilmeginiň ýerkliksizdigi” nygtaldy.
Eýranyň kiber hüjümlere sezewar bolýan ýurtlardan biridigine üns çekilýän beýannamada, resmi Tähranyň kiber dünýäniň başga ýurtlaryň möhüm digital infrastrukturasyna hüjüm guramak üçin serişde hökmünde peýdalanylmagyna garşy durýandygy we ony ýazgarýandygy mälim edildi.
Eýrana garşy günäkärlemeleriň ýaýradylmagynda üçünji taraplaryň paýynyň bardygyny öňe sürýän beýannamada, onuň terrorizmi we pitneçiligi goldaýan ýurtlaryň täsiri bilen edilýändigi bellenilýär.
Degişli Habarlar
Ukraina: Russiýadaky 563 esgerimiziň jesedini ýurda getirdik
Ukraina Russsiýadaky 563 ukrainaly esgeriň jesediniň ýurda getirilendigini habar berdi