Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 2 Adam Ýogaldy

Ukrainanyň iň uly ikinji şäheri hökmünde bilinýän Harkow, rus güýçleri tarapyndan ýygy-ýygydan nyşana alynýar.

1877612
Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 2 Adam Ýogaldy

Rus güýçleriniň Ukrainanyň iň uly ikinji şäheri Harkowa raketalar bilen guran hüjüminde 2 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Harkowyň şäher häkimi Igor Terekow, mesele hakynda beren beýanatynda, hüjümde 2 adamyň ýogalandygyny, 5 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan rus güýçleriniň düýn gije Harkowa 5 raketa atandygy, hüjümde adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.

Russiýa serhedinden 45 kilometr alysda ýerleşýän we paýtagt Kiýewden soň Ukrainanyň iň uly ikinji şäheri hökmünde bilinýän Harkow, rus güýçleri tarapyndan ýygy-ýygydan nyşana alynýar.

Hüjümler sebäpli şäheriň ilatynyň ýarysyna golaýynyň şäheri terk edendigi nygtalýar.


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #Kiýew , #Harkow

Degişli Habarlar