Jo Baýden we Wladimir Zelenskiý Russiýa çagyryş berdiler

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, Baýdeniň we Zelenskiýniň telefon arkaly söhbetdeş bolandyklary habar berildi

1872539
Jo Baýden we Wladimir Zelenskiý Russiýa çagyryş berdiler

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Zaparožýe atom elektrik bekediniň ähli gözegçiliginiň Ukraina we Halkara Atom energiýa guramasyna (HAEG) berilmegi barada Russiýa çagyryş berdiler.

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, Baýdeniň we Zelenskiýniň telefon arkaly söhbetdeş bolandyklary habar berildi. 

Baýdeniň Zelenskiýni Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlandygy we Ukrainanyň halkynyň eýýäm 6 aý bäri rus basyp alyşlygyna görkezýän garşylygyny haýran galýandygyny aýdandygy bellenen beýanatda: "Baýden ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirýändigini beýan etdi we düýn yglan edilen 3 milliard dollar bilen birlikde dowam edýän howpsuzlyk ýardamlary babatynda Zelenskä maglumat berdi" diýip mälim edildi. 

Beýanatda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň, Zaparožýe atom elektrik bekediniň ähli gözegçiliginiň Ukraina we Halkara Atom energiýa guramasyna (HAEG) berilmegi barada Russiýa çagyryş berendikleri aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer geçiren metbugat ýygnagynda, Zaparožýe atom elektrik bekedi barada beýannama berdi. 

Žan-Pýer: "Bir ýadro desga hiç wagt söweş zolagy bolmaly däldir. Russiýa bekediň töwereginde harbylardan saplanan zolagyň döredilmegine rugsat bermeli we iň ýakyn wagtda HAEG-nyň halkara howpsuzlyk gözegçiligine bermelidir" diýip nygtady. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar