“Rus Azyk Önümleriniň we Döküniň Dünýä Bazarlaryna Ýetirilmegi Möhüm”

Guterreş Ukrainanyň Odessa portuna baryp gördi.

1870271
“Rus Azyk Önümleriniň we Döküniň Dünýä Bazarlaryna Ýetirilmegi Möhüm”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, sanksiýalara degişli edilmedik rus azyk önümleriniň we döküniniň dünýä bazarlaryna ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Guterreş Ukrainanyň Odessa portuna baryp gördi.

Portdan gämi gatnawynyň birnäçe aýyň dowamynda saklanandygy sebäpli halkara galla krizisiniň başdan geçirlendigini nygtan Guterreş, Stambulda gazanan galla ylalaşygyndan soň ýagdaýyň üýtgändigini belledi.

BMG-nyň Baş sekretary “Bir aýdan az wagtda  Ukrainadan Odessa bilen birlikde beýleki portlardan galla we azyk önümleri ýüklenen 25 gämi ugrady” diýdi.

Gämileriň 600 müň tonnadan gowrak bugdaý, mekgejöwen we günebakar ýagy ýaly azyk önümlerini daşandygyny ýatladan Guterreş, galla eksportynyň dowam etjekdigini belledi.

Sanksiýalara degişli edilmedik rus azyk önümleriniň we döküniniň dünýä bazarlaryna ýetirilmeginiň möhümdigini nygtan Guterreş, “Hökümetleriň we hususy pudagyň wekilleriniň rus azyk önümleriniň we döküniniň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi möhüm. 2022-nji ýylda dökün bolmasa, 2023-nji ýylda azyk bolmaz. Maksadymyza ýetmek üçin degişli ähli taraplar ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar