Owganystanda Sil Sebäpli 1 Hepde-de 90 Adam Ýogaldy

Owganystanda soňky 4 aýda sil sebäpli 200-den gowrak adam ýogaldy.

1869093
Owganystanda Sil Sebäpli 1 Hepde-de 90 Adam Ýogaldy

Owganystanyň gündogar welaýatlarynda sil apaty sebäpli soňky 1 hepde-de azyndan 90 adam ýogaldy.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygynyň metbugat sekretary Muhammed Nesim Hakkani, metbugata beren beýannamasynda, Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän 6 welaýatda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli derýalaryň daşandygyny aýtdy.

Nangarhar, Paktiýa, Host, Logar, Meýdan Wardak we Parwan welaýatlarynda sil sebäpli azyndan 90 adamyň ýogalandygyny aýdan Hakkani, apatda köp sanly adamyň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.

Hakkani, ýüzlerçe öýe we müňlerçe gekdarlyk ekin meýdanyna zeper ýetirildigini belledi.

Owganystanda soňky 4 aýda sil sebäpli 200-den gowrak adam ýogaldy.

Ýurduň gündogarynda ýerleşýän welaýatlarda ýagyşlaryň dowam etjekdigi barada duýduryş berildi.

 

 



Degişli Habarlar