Russiýa, Doneski Bombalamaga Dowam Edýär

Ukrainada soňky 24 sagatda Russiýanyň Donesk sebitine guran hüjümlerinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

1867912
Russiýa, Doneski Bombalamaga Dowam Edýär

Ukraina, Russiýanyň Donesk sebitini bombalamaga dowam edýändigini, soňky 24 sagatda sebitde 3 adamyň ýogalandygyny, 13 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ukrainskaýa Prawda saýtynyň habaryna görä, düýn gije Nikolaýew şäherine guralan hüjümde şäherdäki bilim merkezine zeper ýetirildi.

Sumi etrabynda bolsa düýn dowam eden hüjümler ertiriň irki sagatlarynda ýaňadandan başlady.

Harkowda bolsa düýn gije Russiýanyň Belgorod serhedinden 10-dan gowrak raketa atyldy.

Sinelnikowski we Nikopol şäherleri Russiýanyň grad raketalary bilen nyşana alyndy, rus raketalaryndan biri Ukrainanyň goşuny tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ukrainada soňky 24 sagatda Russiýanyň Donesk sebitine guran hüjümlerinde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan 2019-njy ýylda Ukrainanyň Howa güýçleriniň “Iň başarjaň uçarmany” hökmünde saýlanan Anton Listopadyň Russiýa bilen dowam edýän söweşde ýogalandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar