Owganystandaky sil apatlarynda soňky 2 günde 31 adam ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäheriniň golaýyndaky Perwan welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda soňky 2 günde 31 adam ýogaldy

1867964
Owganystandaky sil apatlarynda soňky 2 günde 31 adam ýogaldy

Resmiler Perwan welaýatynyň Şinwari we Siýah Gird etraplarynda, eýýäm 2 gün bäri dowam edýän aşa ýagan ýagyşlaryň sil apatlarynyň döremegine sebäp bolandygyny habar berdiler. 

Sil apatlary sebäpli 31 adamyň ýogalandygyny aýdan resmiler, 20 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler. 

Resmiler sil sebäpli dereksiz ýiten ýene-de 100 adamyň bolsa entek tapylmandygyny we ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini aýan etdiler. 

Sil apaty sebäpli ençeme haýwana hem zyýan ýetdi. 

Beýleki tarapdan Owganystanyň Meteorologiýa gullugy, şu gün we ertir ýurduň paýtagty Kabul bilen birlikde ülkäniň 18 welaýatynda ýagyşlaryň ýagjakdygy we sil apatlarynyň bolmagynyň ähtimaldygy barada duýduryş berdi. 

Tebigy apatlara garşy göreş edarasynyň berýän habaryna görä, ýurtda soňky 4 aýyň içinde başdan geçirilen sil apatlarynda 150-den gowrak adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar