Nigeriýada Zamun Alynan 35 Adam Halas Edildi

Aruwan, operasiýada 35 çaga bilen zenanyň halas edilendigini belledi.

1867722
Nigeriýada Zamun Alynan 35 Adam Halas Edildi

Nigeriýanyň Kaduna welaýatynda ýaragly topar tarapyndan zamun alynan 35 adam halas edildi.

Kaduna welaýatynyň Içeri işler müdüri Samuel Aruzan, Sabon Gero sebitinde ýaragly topara garşy operasiýa guralandygyny aýtdy.

Aruwan, operasiýada 35 çaga bilen zenanyň halas edilendigini belledi.

Operasiýada ýaragly topara agza köp sanly adamyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Aruwan,  topara degişli ýaraglaryň ele geçirlendigini belledi.

Nigeriýada ynsany zamun alanlar ölüm jezasyna höküm edilýär emma muňa garamazdan paç almak üçin ýygy-ýygydan zamun alynşyklar bolýar.

Zamun alynşyklara garşy göreşiň çäginde paç tölenmegi gadagan edilipdi.

 



Degişli Habarlar