Guterriş Demirgazyk Koreýanyň Ýadro Ýaraglaryndan Doly Saplanmalydygynyny Beýan Etdi

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan “doly” saplanmagy boýunça ygrarlydygyny nygtady.

1867145
Guterriş Demirgazyk Koreýanyň Ýadro Ýaraglaryndan Doly Saplanmalydygynyny Beýan Etdi

Günorta Koreýanyň döwlet Ýolbaşçysy Ýun Sukýol paýtagt Seulda Guterrişi kabul etdi.

Guterrriş BMG-niň Demirgazyk Koreýanyň we Koreý ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan “dolulygyna, yzgaýdylmasyz we delilli” görnüşde saplanmagy boýunça ygrarlydygyny nygtady.

Baş Sekretar Guterriş Sukýola bütin sebite parahatçylyk, howpsuzlyk we durunuklylyk getirmek üçin başlangyç maksatlarynyn bardygyny aýdandygyny beýan etdi.

Guterriş düýn Koreýa guran saparynyň çäginde Daşary işler ministri Park Žin bilen hem duşuşdy.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Park BMG-niň öňbaşçylygyndaky halkara jemgyýetçiliginiň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglar bilen bagly isleglerine geçirimlilik edilmejekdigi boýunça “berk we bilelikdäki” ýüzlenmäni ugratmalydygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar