Galla Ýüklenen 2 Gämi Ukrainadan Türkiýä Tarap Ugrady

12 müň tonna mekge-jöwen we 3 müň tonna günebakar tohumy ýüklenen iki gämi Ukrainanyň Çernomorsk portundan ugrady

1867386
Galla Ýüklenen 2 Gämi Ukrainadan Türkiýä Tarap Ugrady

Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň gatnaşmagynda geçirlen gepleşikleriň çäginde gazanylan galla ylalaşygyna laýyklykda 12 müň tonna mekge-jöwen we 3 müň tonna günebakar tohumy ýüklenen iki gäminiň Ukrainanyň Çernomorsk portundan ugrandygy habar berildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Galla ylalaşygynyň çäginde 12 müň tonna mekge-jöwen ýüklenen “FULMARS” atly gämi Çernomorksdan İskenderuna, 3 müň tonna günebakar tohumy ýüklenen “THOE” atly gämi hem Tekirdaga gelmek üçin Çernomorksdan ugrady” diýildi.

Beýannamada şu gün Ukrainadan galla almak üçin bir gäminiň hem Türkiýeden ugrajakdygy nygtaldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar