Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Ermeni Hüjümini Ýazgardy

Yslam hyzmatdaşlyk guramasy 3-nji awgustda bikanun ýaragly ermeni güýçleriniň Garabagda 1 Azerbaýjan esgerini şehit eden hüjümüni ýazgardy.

1866763
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Ermeni Hüjümini Ýazgardy

Guramadan berilen ýazmaça beýannamada Ermenistana 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gazanylan ylalaşygyň hökümlerini ýerine ýetirmek we bikanun ýaragly toparlary Azerbaýjanyň territoriýasyndan çekmegi üçin çagyryş edildi.

Üstümizdäki ýylyň 22-23-nji martynda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň 48-nji maslahatynda kabul edilen kararlara üns çekilýän beýannamada, Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşyklarynyň özara ykrar etmek we iki tarapyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine hem-de halkara derejesinde ykrar edilen serhetlerine sarpa goýmagyň esasynda kadalaşdyrylmagy üçin çagyryş edildi.

Beýannamada aýratynam adybir hüjümde şehit bolan Azerbaýjan esgeri Anar Kazynowyň hossarlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 3-nji awgustda Garabagdaky bikanun ermeni ýaragly güýçleriniň od açmagy sebäpli 1 Azerbaýjan esgeriniň şehit bolandygyny habar beripdi.

 



Degişli Habarlar