Krymda Harby Howa Menzilinde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy

Krymyň Nowofedoriwka etrabynyň golaýynda ýerleşýän Saki harby howa menzilinde ammarda partalamanyň bolandygy habar berlipdi.

1866225
Krymda Harby Howa Menzilinde Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy

Russiýa tarapyndan anneksirlenen Krymdaky Saki harby howa menzilinde düýn bolan partlamada 1 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Krym Awtonomiýasynyň başlygy Sergeý Aksýonow, Nowofedoriwkanyň golaýynda ýerleşýän Saki harby howa menzilinde düýn bolan partalama hakynda metbugata beýannama berdi.

Waka hakynda derňew işiniň gozgalandygyny nygtan Aksýonow “Wakada 14 adam ýaralandy, 1 adam ýogaldy” diýdi.

Aksýonow, partlama sebäpli 62 bina zeper ýetirlendigini we 252 adamyň wagtlaýyn merkeze ornaşdyrlandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden düýn berlen beýannamada, Krymyň Nowofedoriwka etrabynyň golaýynda ýerleşýän Saki harby howa menzilinde ammarda partalamanyň bolandygy habar berlipdi.

 

 



Degişli Habarlar