ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosi Taýwana bardy

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosini we ýanyndaky 5 adamdan ybarat Kongresiň agzalaryny daşaýan uçar, düýn agşam Taýwana bardy

1862911
ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosi Taýwana bardy

ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň başlygy Nensi Pelosini we ýanyndaky wekiliýeti daşaýan "Boeing C-40" kysymly uçar, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinden ýola çykanyndan soň, Taýwanyň howa giňişligine gündogar tarapdan girip, Taýpeý şäherindäki Songşan howa menziline gondy.

Nensi Pelosi Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Taýwanyň liderligi bilen geçirjek duşuşyklarynda umumy bähbitleri goldajakdyklaryny belläp: "Taýwanyň liderligi bilen geçirjek duşuşyklarymyzda hyzmatdaşymyza goldawymyzy ýaňadandan güýçlendirip azat we açyk Hindi-Ýuwaş umman sebitini özgertmek bilen birlikde umumy bähbitlerimizi goldarys. Sapar ABŞ-nyň Taýwanyň demokratiýasyny goldamak babatyndaky üýtgewsiz ygrarlylygyny  hormatlandyrdy" diýip belledi.

Beýleki tarapdan bolsa Hytaýyň Komunist partiýasynyň ýaýlym organy bolan "Global Times" habarlar gullugy Pelosiniň uçarynyň Taýwana golaýlaşan mahaly, Hytaýa degişli S-35 harby uçarlarynyň Taýwan aýlagyny geçendigini habar berdi. 

ABŞ-dan 29-nji iýulda ýola çykanyndan soň Gawaýide arakesme beren Nensi Pelosi we ýanyndaky wekiliýet, iki gün ozal bolsa Singapurda, düýn bolsa Malaýziýada saparda bolupdy. 

Wekiller mejlisiniň resmi internet saýtynda Hindi-Ýuwaş umman sebitine guraljak sapar bilen bagly çap edilen beýannamada, Singapur, Malaýziýa, Günorta Koreýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlary öz içine alýan saparyň çäginde Taýwanyň ady ýokdy. 

82 ýaşyndaky Nensi Pelosiniň aprel aýynda Taýwana guramagy meýilleşdiren sapary, koronawirusa ýolukmagy sebäpli goý bolsun edilipdi. 



Degişli Habarlar