Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Makron, Odessa portundan galla ýüklenen ilkinji gäminiň ugramagyna hoşallyk bildirdi

1862402
Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Elýsse köşgünden berlen beýannamada, Makronyň telefon söhbetdeşliginde, Odessa portundan galla ýüklenen ilkinji gäminiň ugramagyna hoşallyk bildirendigi, Ýewropanyň ukrain gallasynyň deňiz we gara ýoly arkaly eksport edilmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirjekdigine ünsi çekendigi nygtaldy.

Beýannamada, Oleniwkada rus ýaragly güýçleri tarapyndan edilen gyrgynçylykdan birnäçe gün soň Prezident Makronyň ukrain halkyna goldaw berýändigini we jenaýatyň jogapkärleriniň jezalandyrylmagy üçin elinden geleni etjekdigini aýratyn belländigi ýatladyldy.

Beýannamada, Makron bilen Zelenskiniň telefon söhbetdeşliginde Makronyň Afrika ýurtlaryna guran sapary hakynda pikir alyşandygy we Russiýanyň Afrika ýurtlaryna berýän ýalňyş maglumatyna reaksiýa bildirendigi nygtaldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýurdunyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar